HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew Ankarada duşuşyk geçirdiler

Mart 16, 2023 | 20:13 |11741
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Ankarada Türki döwletler guramasynyň nobatdan daşary sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Ankarada Türki döwletler guramasynyň nobatdan daşary sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.
Çeşme: president.uz

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Ankarada Türki döwletler guramasynyň nobatdan daşary sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Söhbetdeşler geçen ýyl ýokary derejeli saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ünsi çekdiler, dürli derejedäki işjeň aragatnaşyklary we alyş-çalyşlary, Hökümetara toparyň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijelerini, haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşini we ileri tutulýan pudaklarda söwda gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyny bellediler.

Ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça amaly işler, energetika, maşyngurluşyk, ulag we logistika, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk taslamalary bar - diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn wagtda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň tertibine garaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026