HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Mart 17, 2023 | 01:27 |10105
Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Çeşme: телеканал "Алтын Асыр"

Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, kompaniýanyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda iş alyp barmagy netijesinde, ýurtda bilelikde durmuşa geçirilen ajaýyp binagärlik taslamalarynyň sany, takmynan 70-e ýetdi we umuman aýdylanda, bu netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşdy.

1-5.jpg

Martin Buig kompaniýanyň Türkmenistanyň şäher gurluşyk maksatnamalaryna, özboluşly binagärlik gurluşly desgalary bilen tapawutlanýan Aşgabady ösdürmek meýilnamalaryna gatnaşmaga gyzyklanýanma bildirýändigini tassyklady.

Bu nukdaýnazardan, işewür telekeçi täze teklipleri beýan etdi, şeýle hem kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada döwlet baştutanyna giňişleýin maglumat berdi.

2-4.jpg

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda fransuz kompaniýasy tarapyndan bina edilýän işewürlik merkeziniň paýtagtymyzyň ýene bir ajaýyp künjegini emele getirjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026