Türkmenistan GDA ýurtlarynyň serhet edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna wekilçilik etdi


Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda geçen GDA agza-döwletleriň serhet edaralarynyň baştutanlarynyň 7-nji sebitleýin ýygnagyna gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Gatnaşyjylar serhet howpsuzlygynyň meselelerine garadylar, olary GDA agza-ýurtlaryň daşarky serhedinde bitaraplaşdyrmak boýunça bilelikdäki öňüni alyş çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çärä şeýle hem Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem Serhet güýçlerini dolandyrýan Geňeşiň Utgaşdyryjy gullugynyň wekilleri, GDA agza-döwletleriň Terrorçylyga garşy merkeziniň we ŞOS-yň Sebitleýin terrorçylyga garşy gurluşynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnagyň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Arkalaşyga agza-döwletleriň serhet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň indiki sebitleýin ýygnagyny 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanda geçirmek meýilleşdirildi.
ORIENT habarlar/strong>








