HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdy

Mart 16, 2023 | 15:07 |6844
«Biz TANAP-yň (Trans-Anadoly gaz turbageçirijisi) Hazar sebitinden goşmaça tebigy gazy halkara bazaryna çykaryp biler ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmeli», –diýip Ankarada geçirlen Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu aýtdy. Ol: «Biziň umumy maksadymyz bolmaly», – diýdi. Bu barada Haber Global habar berilýär.«Biz TANAP-yň (Trans-Anadoly gaz turbageçirijisi) Hazar sebitinden goşmaça tebigy gazy halkara bazaryna çykaryp biler ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmeli», –diýip Ankarada geçirlen Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu aýtdy. Ol: «Biziň umumy maksadymyz bolmaly», – diýdi. Bu barada Haber Global habar berilýär.
Çeşme: haberglobal.com

«Biz TANAP-yň (Trans-Anadoly gaz turbageçirijisi) Hazar sebitinden goşmaça tebigy gazy halkara bazaryna çykaryp biler ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmeli», –diýip Ankarada geçirlen Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu aýtdy. Ol: «Biziň umumy maksadymyz bolmaly», – diýdi. Bu barada Haber Global habar berilýär.

«Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjanly we türkmen doganlarymyz bilen gol çeken üç taraplaýyn düşünişmek Ähtnamamyz möhümdir. Bu döwürde Aziýa gaýtadan öňe çykýan wagty, biz Orta söwdanyň dünýä söwdasyndaky paýyny artdyrmalydyrys. Biz Samarkand sammitinde bu ugurda gol çeken ylalaşyklarymyzy çalt durmuşa geçirmeli», diýip diplomat sözüni dowam etdi.

Ankarada, Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Bu çäre, şu gün Ankarada «Adatdan daşary ýagdaýlar we ynsanperwerlik kömegi» mowzugynda geçiriljek TDG nobatdan daşary sammitiniň çäginde bolup geçýär.

Türk döwletleri guramasy hökümetara gurama hökmünde 2009-njy ýylda döredildi. Esaslandyryjy agzalar Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe. Özbegistan 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Bakuwda geçirilen 7-nji sammitde doly agza boldy. Guramanyň 6-njy sammitinde Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Wengriýa synçy statusyny aldy. Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 8-nji sammitde synçy agza hökmünde Gurama goşuldy we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasy hem şeýle etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026