HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: hytaýly bilermenler jemgyýetiň garramagyna garşy göreşmegiň mümkin bolan çärelerini teklip etdiler

Mart 14, 2023 | 14:53 |7044
2021-nji ýylda Hytaýda ömrüň ortaça dowamlylygy 78,2 görkezijä ýetip, taryhy öňe gidişligi amala aşyrdy – diýip, China daily habar berýär.
Tersine, dogulyşyň ýyllyk koeffisiýenti onýyllyklaryň dowamynda kemelmäge tarap akgyn edýär, bu bolsa ýurtdaky gartaşan ýaşly adamlaryň sanynda öz beýanyny tapdy.2021-nji ýylda Hytaýda ömrüň ortaça dowamlylygy 78,2 görkezijä ýetip, taryhy öňe gidişligi amala aşyrdy – diýip, China daily habar berýär.
Tersine, dogulyşyň ýyllyk koeffisiýenti onýyllyklaryň dowamynda kemelmäge tarap akgyn edýär, bu bolsa ýurtdaky gartaşan ýaşly adamlaryň sanynda öz beýanyny tapdy.
Çeşme: chinadaily.com.cn

2021-nji ýylda Hytaýda ömrüň ortaça dowamlylygy 78,2 görkezijä ýetip, taryhy öňe gidişligi amala aşyrdy – diýip, China daily habar berýär. Tersine, dogulyşyň ýyllyk koeffisiýenti onýyllyklaryň dowamynda kemelmäge tarap akgyn edýär, bu bolsa ýurtdaky gartaşan ýaşly adamlaryň sanynda öz beýanyny tapdy.

Garramaklyga tarap akgyn Hytaýyň uly ýaşly adamlarynyň sanynyň birden artmagynyň döwlet maliýesiniň azalmagyna, işçi güýjüne agram düşmegine we ahyrky netijede ýakyn ýyllarda ykdysady ösüşiň togtamagyna getirmezmi diýen çekeleşigi döretdi.

Şu ýylda bolan «iki sessiýada» – ýurduň her ýylky geçirilýän iri syýasy çäresinde – bilermenler we syýasy maslahatçylar garrylyga diňe bir jemgyýet üçin howp hökmünde seredilmeli däldigini beýan etdiler.

Şeýlelikde, Hytaý 60 ýaşdan uly bolan sagdyn adamlaryň otnositel köp mukdarynda we işçi güýjüniň bilim derejesini we hilini ýokarlandyrmak boýunça hemişelik tagallalary bilen ösüş depginini saklamaga ukyplydyr.

Bilermenler şeýle hem jemgyýetiň okgunly garramagynyň netijesinde ýüze çykyp biläýjek uzak möhletleýin meseleleri çözmekligiň birnäçe ýollaryny nygtadylar. Hususan-da, pensiýa ýaşynyň kem-kemden ýokarlandyrylmagy, pensiýa ulgamynyň üýtgedilip guralmagy we garry adamlara seretmek boýunça hyzmatlaryň giňeldilmegi barada gürrüň edildi.

Çaklamalara görä, 2021-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli garry adamlaryň sany ýylda 13 mln-a çenli artar, bu bolsa 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwürde hasaba alnan 7,4 mln hasabyndaky ýyllyk görkezijiden ep-esli ýokarydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026