Hazarüsti geçelgesiniň ýurtlary «bir penjire» ýörelgesi boýunça gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirerler


Türkmen wekiliýeti 14-nji martda Bakuda geçen sebitiň gümrük gulluklarynyň hünärmenleriniň ýygnagyna gatnaşdylar. Ýygnak Gündogar-Günbatar Hazarüsti orta geçelgesi boýunça «bir penjire» düzgüniniň esasynda gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Geçelgäniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga goldaw bermek maksady bilen, agza-ýurtlaryň gümrük gulluklary sanly çözgütleriň esasynda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi, araçäkden geçilişi tizleşdirmek ugrunda möhüm ädimleri ädýärler.
«Bir penjire» düzgüni boýunça üstaşyr maglumatlaryň ynamly we howpsuz elektron alyş-çalşygyny üpjün emek üçin Ýeke-täk üstaşyr portaly döretmek meýilleşdirilýär, ol gümrük amallarynyň has ýönekeý we çeýe amala aşyrylmagy üçin ähli şertleri döreder. Orta geçelge boýunça ýönekeýleşdirilen üstaşyr geçmegiň düzgünlerini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy taýýarlandy we gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagynyň Teswirnamasynyň taslamasy ylalaşyldy.
Ähli ugurlar boýunça bilelikdäki sebitleýin taslamalaryň amala aşyrylýan Orta geçelgesi boýunça üstaşyr gümrük düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça, şeýle hem gümrük işini gurnamak boýunça amala aşyryljak ädimler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, tejribe we maglumat alyşmaga höwes döreder.
ORIENT habarlar








