Aşgabatda Türkmen-Tatarystan biznes-forumy geçirilýär


Aşgabatda Türkmen-Tatarystan biznes-forumy açyldy. Işewürlik çäresi «Ýyldyz» myhmanhanasynyňmaslahatlar zalynda geçýär. Duşuşygyň esasy ünsi Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine,senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
Russiýanyň sebitiniň wekiliýetine premýer-ministriň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko ýolbaşçylyk edýär. Onuň düzümine oba hojalygy we azyk, bilim we ylym, ýaşlaryň işi boýunça, medeniýet, saglygy goraýyş ministrleriň orunbasarlary, Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler. Olaryň arasynda «КЭР-Holding», «Tatneft», «KAMAZ», «Kazanskiý wertolýotnyý zawod», «Eýdos-Medisina», «Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasy we beýlekiler bar.
Şeýle hem Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleri – A. N. Tupolew adyndaky Kazanyň ylmy-barlag uniwersiteti, Kazanyň milli ylmy-barlag tehnologiki uniwersiteti, Kazanyň (Priwolžskiý) federal uniwersiteti ýokary derejede wekilçilik etdiler.
Türkmen tarapyndan duşuşyga dürli edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda Söwda-senagat edarasynyň, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, energetika, saglygy goraýyş we derman senagaty, gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmen logistiki birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň açylyşynda gutlag sözleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew we Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko çykyş etdiler.
Çäräniň maksatnamasynda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary we ylalaşyklaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.
ORIENT habarlar








