HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda BAE-ni ýeňdi

Mart 14, 2023 | 16:46 |9023
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçýän Aziýanyň we Okeaniýanyň (U18) üçünji tapgyrynyň oýnunda 7:2 hasabynda BAE-niň toparyndan ynamly ýeňiş gazandy.Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçýän Aziýanyň we Okeaniýanyň (U18) üçünji tapgyrynyň oýnunda 7:2 hasabynda BAE-niň toparyndan ynamly ýeňiş gazandy.
Çeşme: onlaýn alnyp görkezilişden

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçýän Aziýanyň we Okeaniýanyň (U18) üçünji tapgyrynyň oýnunda 7:2 hasabynda BAE-niň toparyndan ynamly ýeňiş gazandy.

Türkmen toparynyň düzüminde Matweý Arhipow, Röwşen Aşyrow iki şaýba geçirdiler, Alihan Aliskerow, Elman Isaýew we Nazar Želtýakow hem bir şaýbadan geçirip, tapawutlanmagy başardylar. Emirlikleriň ýygyndysy üçin Mohamad Alkubaisi we Aleksandr Simonow jogap şaýbalaryny girizdiler.

Üç tapgyryň jemleri boýunça Guwançmyrat Jepbarowyň tälim berýän ýygyndysy alty oçko bilen ýaryşyň tablisasynyň üçünji setirinde ýerleşýär. Birinji we ikinji ýerlerde oçkolaryň deň sanyny alyp, degişlilikde Özbegistanyň we Mongoliýanyň ýygyndylary ýerleşdiler. Üçünji tapgyryň çäklerinde toparlar bir duşuşyk geçirerler.

Ozal hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 4:3 hasabynda tailandly bäsdeşlerinden ýeňiş gazanypdylar we 5:0 hasabynda Özbegistanyň toparyndan ýeňilipdiler.

Indiki duşuşygy türkmen hokkeýçileri 15-nji martda ýaryşyň eýeleriniň garşysyna - Mongoliýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirerler.

Baş baýrak ugrunda alty topar göreşýär: Türkmenistan, Özbegistan, Tailand, BAE, Mongoliýa we Eýran. Ýaryş 19-njy martda tamamlanar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026