HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Dubaýda e-commerce boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy

Mart 13, 2023 | 16:26 |9671
Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.
Çeşme: Ready4Trade Central Asia taslamasy tarapyndan berildi

Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.

Halkara söwda merkeziniň Ready4Trade Central Asia taslamasy tarapyndan guralan üç günlük çäre elektron täjirçilik babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny malahatlaşmak, döwlete degişli we hususy pudagyň özara gatnaşyklarynyň mümkin bolan ugurlaryny öwrenmek üçin MA ýurtlaryndan resmi şahslary we işewürligiň wekillerini bir meýdançada ýygnady.

Duşuşykda Artisan Empowerment Hub NOVICA onlaýn platforma badalga berildi, ol Merkezi Aziýadaky senetçilere satuwyň täze wirtual kanallaryny hödürleýär we olaryň harytlaryny bütin dünýädäki müşderilere satmaga mümkinçilik berýär.

Dubaýa amala aşyrylan saparyň barşynda gatnaşyjylar şeýle hem sargytlary ýerine ýetirmek boýunça ýerli merkezleriň işjeňligi bilen tanyşdylar, ol ýerde BAE-niň mysalynda elektron täjirçiligini kämilleşdirmegiň öňdebaryjy tejribesini öwrendiler.

Maslahatda Ýewropa Birleşiginiň BAE-däki ilçisi Andrea Matteo Fontana elektron täjirçiligiň söwdany giňeltmegiň we ykdysady ösüşiň kuwwatly hereketlendirijisi bolup durýandygyny belledi. Ol bäsdeşige ukyply hususy pudagyň ösmegine, sagdyn we açyk maýa goýum gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-i tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama gümrük düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegine we sazlaşdyrylmagyna, şeýle hem serhetara elektron täjirçiliginiň ösmegine ýardam edýär.

BAE-niň daşarky söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlaryna olaryň elektron täjirçilik pudagyny ösdürmek ymtylyşlarynda goldaw bemäge taýýardygyny beýan etdi.

Merkezi Aziýadaky elektron täjirçilik senagaty çalt ösýär. IMARC Group analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýadaky elektron täjriçiligiň bazarynyň möçberi 8 milliard dollara ýetdi. Indiki bäş ýylyň dowamynda elektron täjirçiligiň ösüşiniň jemi ýyllyk depgininiň 25,4% bolmagyna garaşylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026