GDA-dan synçylar Daşoguz welaýatyna baryp gördüler


Türkmenistanda parlamentiň (Mejlisiň) deputatlarynyň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegi we geçirmegi monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan gelen halkara synçylar Daşoguz welaýatyna baryp gördüler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.
Missiýanyň wekilleri saýlaw uçastoklarynyň işi bilen tanyşdylar, olaryň ses bermegi geçirmeklige taýýarlygyny barladylar, şeýle hem uçastoklaryň komissiýa agzalary bilen gürrüňdeş boldular.
Uçastok saýlaw komissiýalarynyň agzalary halkara synçylaryna işleriň gurnalyşy barada habar berdiler, uçastoklarda möhletinden öň ses bermegiň we saýlawlaryň esasy güni ses bermegiň nähili bolup geçjekdigi hakda gürrüň berdiler.
GDA-dan gelen synçylar parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdiler, uçastok saýlaw komissiýalarynyň agzalarynyň işine ökdeligini, saýlaw uçastoklarynyň gerekli enjamlar we gollanma materiallary bilen üpjün edilendigini bellediler.
GDA-dan synçylaryň Missiýasynyň düzülmegi dowam edýär. Şu güne çenli 40 synçynyň akkreditasiýa edilmegi üçin resminamalar tabşyryldy, olaryň arasynda Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Täjigistanyň wekilleri bar.
GDA-dan synçylaryň missiýasynyň ştaby Aşgabatda 8-nji martda açyldy.
ORIENT habarlar








