HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde azyk howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 12, 2023 | 19:57 |9050
Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow "Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça  hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşdy.Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow "Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça  hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow "Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, türkmen DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Meredow: -“Türkmenistan FAO-nyň işine ýokary baha berýär we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär” - diýdi. Ministr FAO bilen bilelikde Aşgabatda azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin maslahatyň geçirilmeginiň oba hojalygynyň uýgunlaşmagynda möhüm ädimdigini aýtdy.

Rahmanin ýokary derejeli halkara forumy gurandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde goşýan goşandyny, şeýle hem FAO tarapyndan durmuşa geçirilýän ýurt we sebit taslamalaryna hemmetaraplaýyn goldawyny belledi.

Myhman forumyň çäklerinde gatnaşyjylaryň azyk howpsuzlygy pudagyndaky tagallalary birleşdirmek üçin anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürendigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026