HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletjan Ýagşymyradow Julius Anglikasy ýeňdi

Mart 11, 2023 | 13:40 |15863
Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda San-Hosede (Kaliforniýa, ABŞ) bolup geçen Bellator 292 ýaryşynyň çäklerinde litwaly Julius Anglikasy ýeňdi.Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda San-Hosede (Kaliforniýa, ABŞ) bolup geçen Bellator 292 ýaryşynyň çäklerinde litwaly Julius Anglikasy ýeňdi.
Çeşme: allboxing.ru

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda San-Hosede (Kaliforniýa, ABŞ) bolup geçen Bellator 292 ýaryşynyň çäklerinde litwaly Julius Anglikasy ýeňdi.

Ýagşymyradow ýarym agramly derejede eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy. Berlen ähli wagtyň dowamynda türkmen söweşijisi garşydaşy bilen aralyga gözegçilik edip, artykmaçlygy elde saklamagy başardy. Ýagşymyradow parterde hem gözegçiligi saklady we üç sany täsirli teýkdaun geçirdi.

«Tutluşykda ýeňdim. Taýýarlanmagyma kömek edenleriň ählisine: meniň tälimçilerime we sparring-hyzmatdaşlaryma sagbolsun aýdýaryn» - diýip, ýaryş gutarandan soňra söweşiji öz sosial tordaky resmi sahypasynda ýazdy.

33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşini bilen şertnama gol çekmek bilen, bu guramadaky Türkmenistandan ilkinji söweşiji boldy. Türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deň tamamlanan tutluşyk bar.

Onuň bäsdeşiniň – 31 ýaşly litwaly Ýulius Angliskasyň on sany ýeňişi we dört sany ýeňlişi bar.

Ýagşymyradowyň bu ýeňşiniň Bellatoryň howandarlygyndaky ikinji yzygiderli ýeňşidigini belläp geçeliň. 2022-nji ýylyň aprelinde türkmen söweşijisi braziliýaly Rafael Karwalýuny ýeňipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026