HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Asman” modalar öýi 8-nji mart baýramy bilen gutlaýar we täze lybaslar toplumynyň görkezilişine çagyrýar

Mart 08, 2023 | 20:36 |20795
“Asman” modalar öýi ähli gelin-gyzlary 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlaýar we “Dehistan” kolleksiýasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna çagyrýar.“Asman” modalar öýi ähli gelin-gyzlary 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlaýar we “Dehistan” kolleksiýasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna çagyrýar.
Çeşme: Asman

“Asman” modalar öýi ähli gelin-gyzlary 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlaýar we “Dehistan” kolleksiýasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna çagyrýar.

Täze ýygyndy dizaýnerler üçin tükeniksiz ylham joşguny we täze pikirler ummany bolan milli medeni mirasymyzdan, has takygy Türkmenistanyň orta asyr taryhynyň iň ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri bolan gadymy Dehistan şäheri bilen Maşat ata toplumy ýaly sahypalaryndan kemal tapan sungat eserleriniň toplumydyr.

ASMAN TIZER.00_00_07_02.Still002.jpg

“Asman” modalar öýi lybaslaryny türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň tükeniksiz gözelligini açyp görkezýän nepis nagyşlar bilen bezemekde ussatlyk mekdebidir. Dizaýnerleriň döredijilikli pikirleriniň milliligiň häzirkizaman tendensiýalarynyň kämil utgaşyklygy bilen birikmeginde reňk öwüşgini, şekil sazlaşygy bilen aklyňy haýrana goýýan ajaýyp lybaslar kemala gelýär.

Your browser does not support HTML5 video.

Meşhur ýadygärligiň ajaýyp gözelligini, gündogar rowaýatlarynyň belent ruhuny we gadymy romantikasyny açyp görkezýän ajaýyp "Dehistan" lybaslar toplumy Halkara zenanlar gününe we Nowruz baýramyna mynasyp sowgat!

Türkmen gelin-gyzlarynyň toý-baýramçylyk keşbini şaý-seplersiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gymmatbahaly şaý-sepler bilen üsti ýetirilen şalara mahsus kaşaň lybaslar, milli medeniýetimiziň ruhuna kybap röwüşde ýerine ýetirilen bolsa-da, döwrüň batly ösüş depginlerinden mahrum däldir. Lybaslaryň biçüw we bezeg aýratynlyklary gadymy binagärlik desgalarynyň bezeg mozaikasynda duş gelýän geometrik şekilleriň özüne bendi ediji nagyş çözgüdi, şol bir wagtyň özünde özara sazlaşygy döredýän ýönekeý utgaşyklygy bilen bäsleşýär.

ASMAN TIZER.00_00_14_23.Still004.jpg

Köýnegiň “nagşynyň” gaýtalanmajak geometriýasy hem juda gyzykly, aslynda ony köýnek diýip atlandyrmaga diliňem baranok, lybas sözi has laýyk bolýar, mysal üçin “gelniň toý lybasy”. Elbetde, bu eşikler diňe münber üçin däl, eýsem ilkinji nobatda durmuşda ulanmak üçin döredildi, bu lybaslara beslenen gelin-gyzlar islendik derejedäki toý-dabaralarda, konsert çykyşlarynda we beýleki baýramçylyk çärelerinde töweregine ýalkym saçar.

Your browser does not support HTML5 video.

Ajaýyp matalar, estetiki tikin esbaplary we bezeg elementleri bu lybaslar toplumyna gaýtalanmajak özboluşlylyk, kaşaňlyk we jadyly öwüşgin çaýýar.

ASMAN TIZER.00_00_21_20.Still005.jpg

Utgaşykly we hepis nagyşlara baý bolan Gündogaryň moda dünýäsiniň görnükli wekilleriniň döredijilik gözlegleri, synaglary we açyşlary arkaly oriýentalizm dünýä modasynyň bir ugry, has dogrusy özbaşdak bir şahasy hökmünde ýylsaýyn güýç alýar.
ASMAN TIZER.00_00_07_14.Still003.jpg

“Asman” modalar öýüniň dizaýnerleri moda pudagynyň şol “golfstrim” akymyna düşmek bilen, mese-mälim derejede oňa türkmene mahsus bolan milliligiň köpöwüşginlilik täsiriniň ýetmegine sebäp bolýarlar. Häzirlikçe bolsa, size 13-nji martda Aşgabatda Baba Annanow köçesi, 112 salgy boýunça ýerleşýän "Bahar" Medeni-dynç alyş merkezinde geçiriljek täze kolleksiýanyň görkezilişinde garaşýarlar.

“Asman” modalar öýi sosial ulgamlarda:

Instagram: @asman.boutique @asman.fashionhouse

Tik-tok: @asman.boutique

Elektron salgy: @mahri.orazmyradowa81@gmail.com

лого.png

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026