HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabada sapar bilen gelmegine garaşylýar

Mart 03, 2023 | 21:57 |8598
Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň resmi açylyşyna gatnaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Bu barada anna güni Ysraýylyň i24NEWS Halkara habarlar teleýaýlymy habar berdi.Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň resmi açylyşyna gatnaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Bu barada anna güni Ysraýylyň i24NEWS Halkara habarlar teleýaýlymy habar berdi.
Çeşme: gov.il

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň resmi açylyşyna gatnaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Bu barada anna güni Ysraýylyň i24NEWS Halkara habarlar teleýaýlymy habar berdi.

Aşgabatda Ysraýylyň wagtlaýyn ilçihanasy takmynan, on ýyl mundan ozal açylypdy. Ýurduň wekilliginiň binasy geljekki hemişelik ilçihana üçin ýörite guruldy - diýip, teleýaýlym belläp geçýär.

Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň we Ysraýylyň ýokary wezipeli wekilleri birek-biregiň ýurtlaryna baryp, syýasat, ykdysadyýet we energetika hyzmatdaşlygy boýunça resminamalara gol çekişdiler. Soňky döwürde iki ýurduň arasynda saglyk we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça öňegidişlikler gazanyldy.

Daşary işler ministri Eli Koen “Israel Hayom” (Ysraýyl şu gün) neşiri bilen guralan söhbetdeşlikde Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň tutuş sebit bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm strategiki ähmiýete eýedigini belläp geçdi.

Diplomat: "Ýurtlaryň arasynda, şol sanda saglygy goraýyş we kiber goranyş ulgamlarynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdireris" - diýdi. Koen: "Ilçihananyň binasynyň açylyş dabarasy Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy bolar we ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen utgaşar" – diýip belledi.

Şu hepde Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan bölüminiň başlygy Aşgabada sapar bilen geldi. Ol Türkmenistanyň daşary işler ministriniň, ýurduň Içeri işler ministriniň orunbasarlary, Saglygy goraýyş ministri we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyp, giňişleýin maslahatlar geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026