Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň duşuşygy geçiriler


15-18-nji maý aralygynda Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň duşuşygy geçiriler. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) howandarlygyndaky çäre paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.
Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, üstaşyr ýük daşamalary ösdürmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere garalar. Çäräniň iş meýilnamasy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakýew anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Türkmenistan,1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, demir ýol infrastrukturasynyň yzygiderli ösdürilmegi we ulag syýasatynyň sebit möçberinde utgaşykly durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň birine öwrüldi. Şeýle hem, ýurdumyz DÝHG-nyň platformasynda maglumat tehnologiýasy, ylmy-tehniki we ekologiýa meselelerinde hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
2022-nji ýylyň maý aýynda “Türkmen demir ýollary” Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga goşuldy.
2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriljek duşuşykda halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.
ORIENT news








