HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Fransuz institutynda Frankofoniýa-2023-iň bäsleşikleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Mart 11, 2023 | 10:30 |9167
Çärede çykyş edenler diňleýjileri aýdym aýtmak, düzme ýazmak we dilden orfografiýa ýaly ugurlarda geçiriljek döredijilik bäsdeşliginiň esasy düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.Çärede çykyş edenler diňleýjileri aýdym aýtmak, düzme ýazmak we dilden orfografiýa ýaly ugurlarda geçiriljek döredijilik bäsdeşliginiň esasy düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.
Çeşme: unsplash.com, ORIENT-iň redaksiýasy

Çärede çykyş edenler diňleýjileri aýdym aýtmak, düzme ýazmak we dilden orfografiýa ýaly ugurlarda geçiriljek döredijilik bäsdeşliginiň esasy düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.

Bäsleşige 16 ýaşy dolan adamlar, dilden orfografiýa ugry boýunça – diňe ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilýärler. Şunda dalaşgärler frankofon bolmaly, fransuz dili kurslaryna ýazylan ýa-da Aşgabatdaky Fransuz institutynyň kitaphanasynda okaýan bolmaly.

Aýdym aýtmak ugry boýunça gatnaşyjylar wokal başarnygyny görkezmelidirler kompozisiýany wagt hasabynda şekilli rolik bilen utgaşdyrmaly.

Iň gowy düzme bäsleşigi Fransuz institutynyň özünde 18-nji martda ýazylmaly işi göz öňünde tutýar.

Iki tapgyrda geçjek dilden orfografiýa bäsleşigine fransuz dilini esasy dil ýa-da ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilýarler. Birinji tapgyrda 16 sany iň gowy talyby kesgitlärler, olardan iň güýçlülerini ikinji tapgyrda ýüze çykararlar. Final bir bire garşy düzgün boýunça, utulanyň bäsleşikden göni çykmagy bilen geçer.

Bäsleşigiň finaly we ýeňijileri sylaglamak 1-nji aprelde bolar. Halkara Frankofoniýa güni her ýylda 20-nji martda bellenip geçilýär we planetanyň fransuz dilinde gürleýän ähli ýaşaýjylaryny, şeýle hem fransuz dilini öwrenýänleri we halaýanlary birleşdirýär.

Şol güni 1970-nji ýylda dünýäniň Fransuz dilli ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy halkara guramasynyň döredilmegi bellenilýär, häzir onuň 88-e golaý agza ýurdy bar.

Bu baýramyň çäklerinde Frankofoniýa döredijilik bäsleşigi geçirilýär, ol fransuz dilini öwrenmäge bolan ymtylyşy höweslendirmäge we ösdürmäge niýetlenendir.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026