Parižde geçiriljek Olimpiadanyň biletleriniň satylyşynyň birinji tapgyry görülmedik üstünligi görkezdi


2024-nji ýylda Parižde boljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna biletleri satmagyň birinji tapgyry görülmedik üstünligi görkezdi. Üç hepdede 3 milliondan gowrak bilet satyldy.
«Bu Fransiýadaky sport çäresine biletleriň iň uly satylyşydyr. Muňa bary-ýogy üç hepdede ýetildi» - diýip, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baştutany Toni Estange bu barada öz belliklerini aýtdy.
Hasaba alnyşygy 15-nji martda başlanjak ikinji tapgyryň çäklerinde ähli sport sessiýalaryna, şeýle hem Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna 10 million ýekelikdäki biletler satylar. Resmi platformanyň üsti bilen satuw 20-nji aprele çenli dowam eder.
Satyn almalaryň iň köp sanynyň amala aşyrylan ýurtlaryň üçlügine Fransiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ girdiler. Biletleriň iň köpüsini sport janköýerleri futbol oýunlaryna satyn aldylar.
ORIENT habarlar








