HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyň maliýe aňtawçylyk bölümleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde synçy boldy

Mart 11, 2023 | 10:15 |9998
Türkmenistanyň wekili GDA agza döwletleriň maliýe aňtawçylyk bölüminiň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär. Bu mejlise Türkmenistan synçy hökmünde gatnaşdy.Türkmenistanyň wekili GDA agza döwletleriň maliýe aňtawçylyk bölüminiň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär. Bu mejlise Türkmenistan synçy hökmünde gatnaşdy.
Çeşme: cis.minsk.by

Türkmenistanyň wekili GDA agza döwletleriň maliýe aňtawçylyk bölüminiň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär. Bu mejlise Türkmenistan synçy hökmünde gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar jenaýatçylykly ýollar arkaly we terrorçylygy maliýeleşdirmekden alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyndaky töwekgelçiliklere baha bermek boýunça Halkara merkeziň döredilmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, merkeziň maglumatlar bilen doldurylmagy baradaky meselä garadylar.

Merkezi döretmek baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň şu ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda GDA ýurtlarynyň bilermenler toparynyň mejlisinde tassyklanandygyny belläp geçmelidiris. Häzirki wagtda resminama döwletleriň öz içinde ylalaşylýar.

Gibrid formatynda geçen duşuşyga jenaýatçylykly ýol bilen we terrorçylygy maliýeleşdirmek arkaly gazanylan girdejileriň kanunylaşdyrylmagynyň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) wekilleri we maliýe monitoringi boýunça Halkara okuw-usulyýet merkeziniň wekilleri hem çagyrylypdyr.

Wekiliýetiň agzalary EAG Halkara geňeşiniň agzalarynyň we gözegçilik ediji edaralaryň öňde boljak bilelikdäki çäresinden habardar edilipdi. Onda girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň bar bolan töwekgelçiliklerine garadylar, şeýle hem olary azaltmagyň mehanizmleri kesgitlener. Bu bolsa, öz gezeginde, döwlet we hususy pudagyň EAG-nyň synçylary bilen tagallalaryny utgaşdyrar.

Jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan we terrorçylygy maliýeleşdirmek arkaly gazanylan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa toparyna (EAG) dokuz döwlet girýär: Belorussiýa, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Ol FATF görnüşi boýunça sebitleýin edara – maliýe monitoringi boýunça Hökümetara komissiýasy bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026