HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan raýat jemgyýetiniň ÝB-Merkezi Aziýa forumynda wekilçilik etdi

Mart 10, 2023 | 15:13 |8703
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçýän raýat jemgyýetiniň «ÝB-Merkezi Aziýa» 4-nji forumyna gatnaşýar, onda ýaşlaryň karar kabul etmäge gatnaşmagy, gender deňliginiň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçýän raýat jemgyýetiniň «ÝB-Merkezi Aziýa» 4-nji forumyna gatnaşýar, onda ýaşlaryň karar kabul etmäge gatnaşmagy, gender deňliginiň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Çeşme: instagram.com / @eu4turkmenistan

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçýän raýat jemgyýetiniň «ÝB-Merkezi Aziýa» 4-nji forumyna gatnaşýar, onda ýaşlaryň karar kabul etmäge gatnaşmagy, gender deňliginiň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistandan bu çärä 11 jemgyýetçilik gurama wekilçilik edýär – diýip, Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagram hasabynda habar berilýär.

Raýat jemgyýetiniň forumy ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň kabul edilmeginden soň döredildi. Ol ýurduň durnukly ösüşi üçin raýat jemgyýetiniň esasy ornuny nygtamaga, möhüm kararlaryň kabul edilişinde olaryň sesini güýçlendirmäge niýetlenendir.

Çäre hökümetleriň agzalaryna, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekillerine, şeýle hem ylmy toparlara we KHBS-ne ÝB-niň sebitleýin strategiýasyny ýerli derejede ýerine ýetirmekde raýat jemgyýetiniň nähili goşant goşup biljekdigi baradaky pikirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança berýär.

Strategiýa birnäçe ugurlary bölüp berýär, olarda raýat jemgyýetiniň wekilleri we hökümetler ÝB-i bilen birlikde bilelikdäki çemeleşmäni işläp düzüp bilerler: internete we sanlylaşdyrma bolan elýeterliligiň gowulandyrylmagy; durmuşy telekeçiligiň ösdürilmegi, durmuşy häsiýetli ykdysady meseleleri çözmek üçin işewür çemeleşmäniň ulanylmagy; durnukly we inklýuziw dolandyryşa goldaw bermek üçin raýat jemgyýetiniň döwlet kararlarynyň kabul edilişine gatnaşmagydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026