Döwletjan Ýagşymyradow Julius Anglikasy ýeňdi


Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda San-Hosede (Kaliforniýa, ABŞ) bolup geçen Bellator 292 ýaryşynyň çäklerinde litwaly Julius Anglikasy ýeňdi.
Ýagşymyradow ýarym agramly derejede eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy. Berlen ähli wagtyň dowamynda türkmen söweşijisi garşydaşy bilen aralyga gözegçilik edip, artykmaçlygy elde saklamagy başardy. Ýagşymyradow parterde hem gözegçiligi saklady we üç sany täsirli teýkdaun geçirdi.
«Tutluşykda ýeňdim. Taýýarlanmagyma kömek edenleriň ählisine: meniň tälimçilerime we sparring-hyzmatdaşlaryma sagbolsun aýdýaryn» - diýip, ýaryş gutarandan soňra söweşiji öz sosial tordaky resmi sahypasynda ýazdy.
33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşini bilen şertnama gol çekmek bilen, bu guramadaky Türkmenistandan ilkinji söweşiji boldy. Türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deň tamamlanan tutluşyk bar.
Onuň bäsdeşiniň – 31 ýaşly litwaly Ýulius Angliskasyň on sany ýeňişi we dört sany ýeňlişi bar.
Ýagşymyradowyň bu ýeňşiniň Bellatoryň howandarlygyndaky ikinji yzygiderli ýeňşidigini belläp geçeliň. 2022-nji ýylyň aprelinde türkmen söweşijisi braziliýaly Rafael Karwalýuny ýeňipdi.
ORIENT habarlar








