BOMKA Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezine usulyýet gollanmalaryny berdi


Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam emek boýunça maksatnama (BOMKA) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezine okuw kurslaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça okuw gollanmalaryny berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Gollanmalar BOMKA maksatnamasyna agza-döwletleriň gümrük gulluklarynyň okuw jaýlarynyň mugallymçylyk işinde ulanmak üçin niýetlenendir.
Gowşurylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Okuw merkeziniň direktory täze gollanmalaryň Merkeziň halypalary üçin tapylgysyz kömekçi boljakdygyny belledi. Ol şeýle hem Merkezde okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we kitaphana gorunyň täze materiallar bilen üstüni ýetirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Usulyýet gollanmasy Latwiýanyň Döwlet serhet gorag gullugynyň bilermenler topary tarapyndan Fronteksiň (Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky serhetleriň howpsuzlygy boýunça agentligi) bilim maksatnamalarynyň esasynda işlenip düzüldi. Ol mugallymlary we tälimçileri okatmagyň usulyýetini işläp düzmek boýunça geçen ýylyň martynda Daşkentde geçen sebitleýin seminaryň işiniň netijesi boldy.
ORIENT habarlar








