Çeh uçary täjik howaýollary üçin Pamirdäki howa menziline uçuş amala aşyrdy


Çehiýanyň “Let Aircraft Industries” kompaniýasy Duşanbe howa menzilinde Täjigistanyň “Somon Air” awiakompaniýasyna, Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň wekillerine we ýurduň awiasiýa gurluşlarynyň ýolbaşçylaryna L-410NG sebitleýin turboprop uçaryny tanyşdyrdy.

Çeh uçar öndürijisiniň uçary Pamiriň syýahatçylyk merkezi bolan Horog şäherine uçuş amala aşyrdy. Şäheriň howa meýdançasy uçuş we gonmak üçin dünýädäki iň kyn üç howa menziliniň biridir. Bu ýerde tehniki görkezijiler arkaly gonmak asla mümkin däl, diňe “göz çeni bilen” diýleni. Bu ýer durnuksyz howa şertleri, amatsyz ýerüsti gurluşy, deňiz derejesinden 6000 m-den gowrak belentlikde ýerleşýän daglary bilen tapawutlanýar. Üstünden uçuş amala aşyrylýan derýanyň aňyrsynda ýurduň Owganystan bilen serhedi geçýär. Hut şu sebäplere görä, Duşanbe bilen Horogyň arasynda täjirçilik gatnawlary on ýyla golaý wagt bäri amala aşyrylmady. Ozal bu sebitde köne An-28 kysymly uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýardy, ýöne olaryň tehniki guratlyk möhleti birmahal geçdi. Howa ýoly bilen 58 minutda geçilmeli bu menzile ýerüsti ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly 14 sagada golaý wagt sarp edilýärdi.

“Somon Air” awiakompaniýasy häzirki wagtda ýerli we sebitleýin uçuşlary amala aşyrmak üçin L-410NG, şeýle hem Hytaýyň “Harbin Aircraft Industry Group” kompaniýasynyň önümi bolan Y-12E howa gämileri bilen uçar parkynyň üstüni dolmak mümkinçiliginiň dürli usullaryny öwrenýär. Bu uçarlaryň ikisi-de sany 19-a çenli bolan ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenendir – diýip, ATO.ru awia portaly habar berýär.

ORIENT news








