HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stil hil taýdan synag hökmünde: Aşgabatda italýan dizaýnynyň güni geçirildi

Mart 10, 2023 | 19:59 |11307
Aşgabatda “Italiýan dizaýnynyň güni 2023” bellenilip geçildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyplary dizaýn ulgamynda bilermen Matteo Urbinati tarapyndan tapgyrlaýyn geçirilen leksiýalaryň diňleýjileri boldular.Aşgabatda “Italiýan dizaýnynyň güni 2023” bellenilip geçildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyplary dizaýn ulgamynda bilermen Matteo Urbinati tarapyndan tapgyrlaýyn geçirilen leksiýalaryň diňleýjileri boldular.
Çeşme: awtor

Aşgabatda “Italiýan dizaýnynyň güni 2023” bellenilip geçildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyplary dizaýn ulgamynda bilermen Matteo Urbinati tarapyndan tapgyrlaýyn geçirilen leksiýalaryň diňleýjileri boldular.

Bu ýyl çäre “Adamlar we daşky gurşaw üçin dizaýn energiýasy” atly şygar astynda geçirilip, ol energiýa sarp edilişine estetiki we tygşytly çemeleşme gözlemek arkaly önümler we hyzmatlar bilen tanyş etmäge gönükdirilendir.

Italiýanyň ilçihanasynyň täjirçilik meseleleri boýunça attaşesi Karmelo Leo her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçirilýän bu aksiýanyň ähmiýetini belledi. Diplomatyň pikiriçe, onuň dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda geçirilmegi söwda, medeniýet we döredijilik pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine itergi berýär.

2.jpeg

Çäräniň spikeri Matteo Urbinati diňleýjilere yşyklandyryş enjamlarynyň mysalynda italýan dizaýnynyň häsiýetli aýratynlyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilen çykyşlaryny hödürledi.

Urbinati häzirki wagtda dizaýnyň diňe bir estetika meselesi däldigini belledi. Ol adam durmuşyna we daşky gurşawa çuňňur täsirini ýetirýär. Onuň sözlerine görä, italýan stili netijelilik bilen gözelligiň, gowy hil bilen daşky gurşawa zyýansyzlygyň arasynda deňagramlylygy gazanmak üçin ulanyp boljak bezegiň anyk mysaly bolup durýar.

− Umuman aýdanyňda, italýan dizaýny diýseň baý mirasdyr. Bu sungatyň, estetikanyň we hiliň jebisligi bolup, ony dünýäde iň üýtgeşik we tanalýan stilleriň birine öwürýär" - diýip, Matteo Urbinati ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol italýan brendli yşyklandyryjylaryň önümçiliginde mermer, aýna we hrustal ýaly ýokary hilli materiallaryň, şeýle hem gymmat bahaly metallardan ýasalan elementleriniň ulanylýandygyny belläp geçdi. Häzirkizaman önümçilik tehnologiýalary bolsa köpasyrlyk taryhy bolan gadymy senetkärlik ussatlygyna esaslanýar. Aýna önümçiligi Florensiýanyň we Wenesiýanyň senetkärleri tarapyndan çeperçilik we hil taýdan kämillik derejesine ýetirilen hasaplanýar. Häzirkizaman yşyklandyryş önümleri energiýa tygşytlylygy ýaly möhüm artykmaçlyklara eýedir.

1.jpeg

Italýan kompaniýalary tarapyndan öndürilýän yşyklandyryjylar, çyralar, lýustralar dünýäde iň gowulary diýlip ykrar edildi. Olar giňişligiň psihologiki we emosional düzümine täsir edýän atmosferany döretmäge ukyply.

Italiýan dizaýnynyň güni italýan önümlerini daşary ýurtlara çykarmak maksady bilen dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçirilýär. Tejribeli hünärmenler, ylmy işgärler we telekeçiler her ýyl tejribe alyşmak we italýan dizaýnynyň iň gowy aýratynlyklary barada gürrüň bermek üçin belli bir platforma döredýärler.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026