Türkmenistanyň DIM-niň baştutany we Täjigistanyň prezidenti hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar


Ýük daşamalarynyň artdyrylmagyny, senagat kärhanalarynyň döredilmegini we ulag geçelgeleriň ulanylmagyny Duşanbede Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ara alyp maslahatlaşdylar.
Meredow Duşanbede täjik kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gelen türkmen wekiliýetine baştutanlyk etdi – diýip, Täjigistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Şeýle hem söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmek, parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Söwda geňeşiniň işjeňligi gepleşiklerde esasy meseleler boldular.
Taraplar bilelikdäki halkara maslahatlaryny, festiwallaryny, simpoziumlaryny geçirmekligiň we iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramagyň zerurlygyny bellediler.
Halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşmaga aýratyn orun berildi.
ORIENT habarlar








