Aşgabatda parlamentiň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-dan synçylaryň missiýasynyň ştaby açyldy


GDA-dan synçylaryň missiýasy Türkmenistanda parlamentiň (Mejlisiň) ýedinji çagyrylyşyna deputatlaryň saýlawlarynyň geçirilişine görülýän taýýarlyk we geçirilişini monitoring etmäge girişdi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi Toparynyň baştutany Gulmyrat Myradow GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilham Nematow bilen Aşgabatda synçylaryň missiýasynyň ştabynyň açylmagy mynasybetli duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň MST-nyň başlygy saýlawlara taýýarlygyň gidişi barada we bu babatda ýerine ýetirilýän çäreler barada habar berdi. Öz gezeginde, Ilham Nematow missiýanyň saýlawlary gurnamak we geçirmek babatynda halkara hukygynyň umumy kabul edilen düzgünlerine we kadalaryna esaslanyp, öz wezipelerini Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda berk ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Häzirki wagtda missiýanyň düzüminiň düzülmegi dowam edýär. Oňa GDA agza-ýurtlaryň wekilleriniň, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň we Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň girmegine garaşylýar.
Türkmenistanda parlament saýlawlary 26-njy martda bolar.
ORIENT habarlar








