Howanyň we suwuň ulanylyşy: häkimiýetler we hususy pudak biri-birinden nämä garaşýar?


Anna güni Aşgabat şäherinde döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesi boýunça geçirilen iş maslahatyda oba hojalygynda suwy tygşytly peýdalanmaga üns çekildi.
Bu eýýäm Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Ýaşyl howa gaznasynyň maliýe goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan amala aşyrylýan «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli işiniň ösüşi» taslamasynyň çäginde geçirilýän şeýle ikinji iş duşuşygy.

Maslahata Parlamentiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmensuw taslama» ylmy-gözleg institutynyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Zenanlar birleşiginiň, «Tebigy Kuwwat» jemgyýetçilik guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýörite hünrmänleri gatnaşdylar.
Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň arasynda oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmekde suwdan peýdalanmagy meýilleşdirmek, ekin hojalyklary üçin suwaryş düzgünlerini kämilleşdirmek, suwaryş kanallaryna ölçeg enjamlaryny oturtmak arkaly meýdanlardaky suwuň sarp edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem suwuň minerallygyny kesgitlemek üçin häzirki zaman enjamlaryny ulanmak meselelerine uly üns berildi.

Şeýle hem, bu mowzuklary ara alyp maslahatlaşmakda bu meseleleri çözmekde mundan beýläkki ösüş üçin iň möhüm ugurlar kesgitlenildi. Mysal üçin, hökümet tarapyndan suwy tygşytlamak tejribesini ornaşdyrmak üçin höweslendiriji ulgamy döretmegiň zerurlygy bellendi. Ondan başga-da howanyň üýtgemegini, täze tehnologiýalaryň we suwaryş usullarynyň (damja, sepmek) barlygyny göz öňünde tutup, geçen asyryň 80-nji ýyllarynda işlenip düzülen suwaryş ülňülerine täzeden garamagyň ähmiýeti bellendi.

Çärä gatnaşyjylar şeýle ýygnaklary dowam etdirmäge işjeň gyzyklanma bildirdiler we indiki tapgyryň gün tertibine girizilmegi üçin birnäçe mowzuk teklip etdiler. Şol bir wagtyň özünde, hökümetiň, hususy pudagyň we ylmy guramalaryň tagallalaryny birleşdirip, howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýok edip boljakdygy barada umumy ylalaşyk gazanyldy.
ORIENT news








