HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýanyň dizaýn güni 9-njy martda Aşgabatda belleniler

Mart 04, 2023 | 23:25 |10149
Italiýanyň dizaýn güni indiki hepde, penşenbe güni 9-njy martda Aşgabatda we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçiriler. Gysgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2017-nji ýylda dizaýn pudagynda öňdebaryjy atlaryň gatnaşmagynda italýan taslamalaryny we daşary ýurt dizaýnlaryny tanatmak üçin gurnalan bu çäre Italiýanyň diplomatik we konsullyk guramalarynyň bar ýerinde geçiriler.Italiýanyň dizaýn güni indiki hepde, penşenbe güni 9-njy martda Aşgabatda we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçiriler. Gysgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2017-nji ýylda dizaýn pudagynda öňdebaryjy atlaryň gatnaşmagynda italýan taslamalaryny we daşary ýurt dizaýnlaryny tanatmak üçin gurnalan bu çäre Italiýanyň diplomatik we konsullyk guramalarynyň bar ýerinde geçiriler.
Çeşme: © Studio Azzurro (part.)

Italiýanyň dizaýn güni indiki hepde, penşenbe güni 9-njy martda Aşgabatda we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçiriler. Gysgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2017-nji ýylda dizaýn pudagynda öňdebaryjy atlaryň gatnaşmagynda italýan taslamalaryny we daşary ýurt dizaýnlaryny tanatmak üçin gurnalan bu çäre Italiýanyň diplomatik we konsullyk guramalarynyň bar ýerinde geçiriler.

Bu nukdaýnazardan, italýan dizaýnyny ähli yklymlarda gymmatly we ykrar edýän özboluşly we hakyky aýratynlyklaryny açyp görkezip, iň meşhur we ökde hünärmenleriň 97-si, ýagny gözlegçiler, telekeçiler, hünärmen žurnalistler öz tejribelerini we bilimlerini jemgyýet köpçüligi bilen paýlaşarlar. Ähli çäreler, «Azzurro» studiosy tarapyndan ýörite 2023-nji ýylda geçiriljek Italiýanyň Dizaýn güni üçin döredilen giriş wideosy bilen açylar we indiki Salone del Mobile-a wideo çakylygy bilen tamamlanar.

Italian-Design-Day-2023-1.jpg

Geçen ýylyň Italiýanyň dizaýn gününiň neşiri «Re-Generation» mowzugyna, ýagny durnukly gelejek üçin dizaýn we täze tehnologiýalara bagyşlandy. 2023-nji ýylda, hereket durnukly we jogapkärli ösüşiň düýp faktory bolmak bilen, «ýakýan» taglym, ýagtylandyrýan we yşyklandyrýan hil hökmünde hiline ünsi jemleýär. Şonuň üçin çäräniň şygary «Adamlar we daşky gurşaw üçin energiýa dizaýn etmek».

Bu inçe we strategiki mowzuk, häzirki we barha çylşyrymly geosyýasy ugurda bäsleşmek üçin zerur bolan güýçli we uzak möhletli gatnaşyklary gurmaga ukyply toplumlaýyn ulgamlaýyn hereket hökmünde italýan dizaýnynyň wezipesini açyp görkezmegi maksat edinýär. Şeýlelik bilen hil, adamlar we daşky gurşaw üçin işlemegi we abadançylygy birleşdirmäge ukyply innowasiýa taglymlary işlenip düzülen we ösdürilýän önümçilik prosesiniň esasy bölegine öwrülýär.

Aşgabatda 2023-nji ýylda Italiýanyň Dizaýn gününiň spikeri hökmünde senagat dizaýny, ýokary hilli – ussatlyk bilen dürli tebigy materiallar bilen işlemek boýunça hünärmen Matteo Urbinati yglan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026