HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ulag meselesini BMG-nyň gün tertibiniň merkezine goýýar

Mart 07, 2023 | 14:07 |11497
Ulag meselesi, aýry iş ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň merkezinde bolmalydyr diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni BMG-nyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.Ulag meselesi, aýry iş ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň merkezinde bolmalydyr diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni BMG-nyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: news.un.org

Ulag meselesi, aýry iş ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň merkezinde bolmalydyr diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni BMG-nyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Wise-premýer pandemiýanyň ýurtlaryň arasyndaky maýa goýum gatnaşyklaryna täsir edendigini aýtdy. «Pandemiýa we beýleki syýasy we ykdysady wakalar ähli ýurtlara täsirini ýetirdi we halkara gatnaşyklaryna, şol sanda ulag ugruna-da ýaramaz täsir etdi» – diýip, Geldimyradow, ulag meselesini BMG-nyň gün tertibiniň merkezine aýratyn sebit hökmünde goýmaga çagyrdy.

Ol, Türkmenistanyň durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy konferensiýany başlandygyny we Baş Assambleýanyň 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag baradaky esasy rezolýusiýalarynyň gelip çykyşyna sebäp bolandygyny ýatlatdy.

Şeýle hem, Hojamyrat Geldimyradow, hemme taraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde iň pes ösen ýurtlaryň ornuny hem belläp geçdi.

я в текст ООН-1.jpg

«Türkmenistanyň ykdysady tagallalary ykdysady integrasiýa gönükdirilendir» –diýip, ýurdumyzyň dünýäniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda ol, zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ygtybarly energiýa çeşmelerini gazanmak üçin sebitdäki beýleki ýurtlara mümkinçilik döredýän, Türkmenistany, Owganystany we Pakistany birleşdirýän energiýa taslamalaryna ünsi çekdi.

Wise-premýer bu konferensiýanyň iň pes ösen ýurtlaryň ilatynyň durmuşyny gowulandyrmak üçin umumy kararlaryň we çäreleriň işlenip düzülmegine aýgytly täsir etjekdigini nygtady.

BMG-nyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji konferensiýasy (HPC-5) Kataryň Doha şäherinde 5-nji martdan 9-njy mart aralygynda geçirilýär. Ol halkara kömeginiň has zerur ýerinde durnukly ösüşi çaltlaşdyrmagy we gülläp ösmäge kömek etmek üçin iň pes ösen ýurtlaryň ähli mümkinçiliklerini ulanmagy maksat edinýär.

Maslahata dünýä liderleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri, parlament wekilleri we ýaşlar gatnaşýar. HPC meseleleri bilen baglanyşykly anyk başlangyçlaryň we anyk netijeleriň yglan edilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026