Kuzbass "Aziýanyň çagalary" tomusky oýunlary geçirmegi göz öňünde tutýar


TASS: - “23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda geçirilen "Aziýanyň çagalary" atly ikinji gyşky Halkara sport oýunlary taryhda iň gowusy diýlip ykrar edildi” – diýip, Oýunlaryň halkara komitetiniň ýolbaşçysy Wladimir Maksimowyň sözlerine salgylanyp, habar berýär.
Ol: "Ýaryşlar gowy geçdi, Kuzbass şäherine guramaçylygyň ýokary derejesi üçin sag bolsun aýdýarys" - diýip aýtdy we oýunlaryň ahyryna çenli türgenleriň bitewi bir topara öwrülendigini belläp geçdi.
Kemerowo oblastynyň gubernatory Sergeý Siwilýow hem, öz gezeginde "Aziýanyň çagalary" tomusky oýunlarynyň geçirilmek mümkinçiligini mälim etdi. Siwilýow: - “Siz “Aziýanyň çagalary” gyşky oýunlaryny taryhda iň gowusy diýip ykrar eden bolsaňyz, onda bize iň gowy tomusky oýunlary geçirmäge mümkinçilik bermek gerek" - diýdi.
"Aziýanyň çagalary" tomusky oýunlary 2024-nji ýylda Ýakutskde geçiriler. Kuzbass 2028-nji ýyldaky bäsleşigi geçirmäge dalaş edýär.
“Aziýanyň çagalary” atly ikinji gyşky Halkara sport oýunlarynyň netijelerine görä, resmi däl medal sanawynda Sibir federal okrugynyň ýygyndy topary birinji ýeri eýeledi, Moskwanyň ýygyndy topary ikinji ýere, Ural federal okrugynyň ýygyndysy bolsa, üçünji orna mynasyp boldy.
Ýaryşlara jemi 12 ýurtdan müňe golaý türgen gatnaşdy.
ORIENT news








