06.03.2023 ý. Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.
Welaýat häkimleri häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Şu ýylyň gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda welaýat häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezindentiniň “Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, şonuň bilen birlikde haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we şunuň bilen baglylykda, welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








