HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

Mart 06, 2023 | 23:07 |7010
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. Mälim bolşy ýaly,  şu gezekki saýlawlar türkmen jemgyýetinde gadymy milli demokratik ýörelgeleri mundan  beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. Mälim bolşy ýaly,  şu gezekki saýlawlar türkmen jemgyýetinde gadymy milli demokratik ýörelgeleri mundan  beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.
Çeşme: Watan

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu gezekki saýlawlar türkmen jemgyýetinde gadymy milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.

Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär, onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Bellige alnan dalaşgärleriň ählisiniň milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Milli parlamentde hem-de ýerli dolandyryş häkimiýet edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmäge hukuk gazanmak ugrunda ildeşlerimiziň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan raýatlaryň dalaşgärlik edýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda bellige alnan dalaşgärleriň merkezi we ýerli metbugatda sanawy çap edildi, olaryň milli telewideniýede çykyşlary başlandy.

Saýlawlara taýýarlyk görmek çäreleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, saýlawçylaryň hukuklary barada ýörite gepleşikler taýýarlanylýar, saýlawlara taýýarlyk görmek babatynda düzgünleri düşündirmek işleri alnyp barylýar.

Ýakyn wagtda GDA-nyň synçylar topary işe girişer, onuň düzümine Arkalaşyga agza döwletleriň wekilleri – parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, şeýle hem GDA girýän ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň Parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri giriziler.

Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler babatynda düýpli üýtgetmeleriň girizilendigini hem-de onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Üç syýasy partiýa: Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýa Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan peýdalandylar. Dalaşgärleriň bir bölegi raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, telewideniýede, radioda, şeýle hem beýleki metbugat serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Saýlawlara taýýarlyk baradaky täze habarlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda çap edilýär.

Milli we halkara synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi, munuň özi saýlawa taýýarlyk çäreleriniň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Şu gezekki saýlaw möwsümi aýratyn möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäredir. Ol demokratik ýörelgeleri giňeltmegiň, syýasy-jemgyýetçilik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň hem-de hakyky halk häkimiýetlilik taglymlaryny berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda raýat aňyýetini täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026