HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

06.03.2023 Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Mart 06, 2023 | 23:02 |8522
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi.
Çeşme: Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň esasynda gurulýan binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, degişli edaralar, kärhanalar hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindpe degişli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026