Türkmenistanly kibertürgenler “Big Bang Asia Open” ýaryşyna gatnaşarlar


Türkmenistanyň “Galkynysh Esports” и “LJT Team” kibersport toparlary 5-nji martda başlaýan “Big Bang Asia Open” çempionatyna gatnaşarlar. Bu barada ORIENT-e Milli elektron sport federasiýasy habar berdi.
“Galkynysh Esports” и “LJT Team” toparlary Dota2 boýunça hasaba alyndy. Mundan başga-da, “Galkynysh Esports” Counter Strike Global Offensive, Valorant we Football (Pro Evolution Soccer 2023) oýunlary boýunça hem çykyş eder. “Galkynysh Esports” toparynyň Dota 2 boýunça milli saýlama ýaryşynyň ýeňijisi bolandygyny ýatladýarys.
“Big Bang Asia Open” - 35 ýurtdan iň gowy toparlary birleşdirjek kipersport boýunça Aziýa çempionatydyr. Ýaryşyň her bir oýny, hasaba alnan gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda, birnäçe tapgyra bölüner.
Çempionatyň umumy baýrak gaznasy ABŞ-nyň ýüz müň dollarydyr. Her oýun üçin premium ätiýaçlygy professional, ýarym professional we höwesjeň ýaryşlaryň arasynda bölünýär.
ORIENT news








