HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow: ösüp barýan ýurtlara kömek, BSGG-na goldaw we täze kararnama barada

Mart 03, 2023 | 12:43 |8815
Dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi ösüp barýan ýurtlara zyýan bermeli däldir we olaryň hasabyna bolup geçmeli däldir – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow COVID-19 garşy göreş boýunça Aragatnaşyk toparynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň Sammitinda çykyş etmek bilen aýtdy – diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär.Dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi ösüp barýan ýurtlara zyýan bermeli däldir we olaryň hasabyna bolup geçmeli däldir – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow COVID-19 garşy göreş boýunça Aragatnaşyk toparynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň Sammitinda çykyş etmek bilen aýtdy – diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: vzglyad.az

Dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi ösüp barýan ýurtlara zyýan bermeli däldir we olaryň hasabyna bolup geçmeli däldir – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow COVID-19 garşy göreş boýunça Aragatnaşyk toparynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň Sammitinda çykyş etmek bilen aýtdy – diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär. Öz çykyşynda döwlet baştutany ösüp barýan ýurtlaryň meselelerine aýratyn üns berdi. Prezident has gowşak ýurtlar üçin lukmançylyk serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň üznüksiz eltilip berilmegi üçin adalatly logistikanyň ýola goýulmagy baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Şeýle hem ol Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlaryny ösüp barýan ýurtlaryň azyk serişdelerine adamyň aýrylmaz hukugyna bolan kepil hökmünde doly iýmitlenmegine bolan elýeterlilik meselelerine seretmeklige çagyrdy.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünär ukybyna we başarnygyna şübhelenmeýär we Goşulyşmazlyk hereketini bu gurluşa syýasy we ruhy goldaw bermäge çagyrýar – diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda aýdylýar.

Mundan başga-da, ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi üçin Prezident Tükmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Deňze çygalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bütindünýä ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki we pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak» Kararnamasyny işläp düzmeklige girişmäge taýýardygy barada aýtdy. Bu resminama birnäçe sebitleriň meseleleriniň wajypdygyny görkezer.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşýan döwletleriň goldawyna bil baglaýar we taraplaryň ählisinden bu barada konstruktiw tekliplere we maslahatlara garaşýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026