HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samarkand şäherinde ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum duşuşygy geçiriler

Mart 01, 2023 | 22:57 |9690
Samarkand şäherinde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň mart aýynda geçiriljek mejlisi, 1-nji martda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygyň mowzuklaryndan biri boldy.Samarkand şäherinde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň mart aýynda geçiriljek mejlisi, 1-nji martda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygyň mowzuklaryndan biri boldy.
Çeşme: president.uz

Samarkand şäherinde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň mart aýynda geçiriljek mejlisi, 1-nji martda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygyň mowzuklaryndan biri boldy.

«Syýasy, söwda we ykdysady, maýa goýumlary, bilim, medeni we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm meselelerine, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryna garaldy» – diýlip, Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçysynyň saýtynda bellenýär.

1.jpg

Entoni Blinken öwrüp bolmaýan demokratik özgertmeleri we ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady üýtgetmeleri doly goldaýandygyny beýan etdi. Esasan hem adam hukuklaryny goramagy we gender deňligini, mejbury zähmet bilen göreşmegi üpjün etmekde, söz erkinligi we habar beriş serişdelerine goldaw bermekde, raýat jemgyýeti institutlarynyň ösüşinde we beýleki köp ugurlardaky üýtgetmelerde uly ösüş gazanylandygy bellenildi.

Söwda we ykdysady, maýa goýum we innowasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Özbegistanyň bazarynda öňdebaryjy Amerikan kompaniýalarynyň sanyny artdyrmaga we esasanam ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan giň mümkinçilikler, şol sanda ýaş nesil tarapyndan iňlis dilini öwrenmek we ýurdumyzda ökde mugallymlary taýýarlamak ugrurlarynda meýilnamalar bellendi.

Sebit ýurtlarynyň durnukly ösüşine ýardam etmek, işewürlik we maýa goýum gurşawyny kämilleşdirmek, «ýaşyl energetikany» ösdürmek we bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly ugurlarda durulup geçildi.

Şeýle hem Owganystanda parahatçylykly çözgüt meselesinde giň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ýola goýmak we owgan ykdysadyýetini dikeltmek üçin sebit infrastruktura taslamalaryny goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026