HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy

Mart 04, 2023 | 22:05 |7784
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerindäki gurluşyk işleriniň barşy hem-de  birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem  bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň  “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerindäki gurluşyk işleriniň barşy hem-de  birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem  bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň  “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.
Çeşme: Watan

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerindäki gurluşyk işleriniň barşy hem-de birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saglyk ýolunyň ähmiýetine hem-de onuň merkezindäki Döwlet baýdagyna ünsi çekdi.

Saglyk ýolunyň başlanýan bu ýeriniň gabat garşysynda bolsa Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäkleri başlanýar.

Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy gürrüňdeş boldular. I. Bukato duşuşmaga hem-de ýerine ýetirilen we meýilleşdirilýän işler barada hasabat berdi.

“Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bu ýerde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalarynyň ýanyna geldi. Bu ýerde “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I. Bukato alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy sözüni dowam edip, «Türkmenbaşy – Garabogaz -- Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça hasabat berdi. Şunda bu ýoluň çyzgylary, şol sanda teklip edilýän ugrunyň çyzgysy, ýoluň kese-kesigi, ulagyň agramyna we ölçegine gözegçilik etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamyň çyzgysy, ýoluň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän awtobus duralgalarynyň şekil taslamalary görkezildi.

Soňra Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy S. Ýolamanow bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, taslamany amala aşyrmakda hyzmatdaş kompaniýa bilen bilelikde, hemme zerur işler, şol sanda bildirilýän talaplara we berlen görkezmelere laýyklykda, ýollaryň ugrunda zerur bolan düzümleri döretmek hem-de sanly ulgam tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň berjaý edilmegine uly ähmiýet berilýär.

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depginleriniň pesdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri, suw meselesi barada durup geçdi. Şu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjegine amala aşyran iş saparyny tamamlap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026