Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýä ýene 11 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy
Mart 04, 2023 | 22:24 |14607


Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere takmynan, 11 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy. Bu barada şenbe güni Anadolu agentligi habar berdi.

6-njy fewralda 45,000-den gowrak adam pidasyna getiren yzygiderli iki ýer titremeden ejir çeken sebitlere zenanlar guramasy 4,1 tonna azyk, TGÝMJ bolsa 6,8 tonna üpjünçilik zerurlyklaryny, arassaçylyk-gigiýena önümlerini, egin-eşik we iýmit iberdiler.
Anadolu agentligi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň mundan birnäçe gün öň, 28-nji fewralda hem Türkiýä 8,6 tonna ynsanperwer kömegini iberendigini belleýär.
ORIENT news








