Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we BMG-niň parahatçylygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşdy – diýip, hemişelik wekilhananyň resmi saýty habar berýär.
Myhman Türkmenistanyň bitarap daşary ykdysady ugruna we ýurduň BMG-niň çäklerindäki parahatçylykly we ynamly döwletara gatnaşyklaryny öňe sürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň BMG-niň düzümleri bilen Merkezi Aziýada we bütindünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenip geçildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýyl «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň Halkara ýyly» diýlip yglan edilipdi. Türkmenistan şeýle hem Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça hemişelik hereket edýän Forumyň döredilmegi babatda başlangyç bilen çykyş etdi.
ORIENT habarlar








