Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi


Mejlisiň başynda Wise-premýer H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada we Döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilenligi barada hasabat berdi.
Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, benzin, suwuklandyrylan gazy öndürmek, şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşardan maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur çäreleri görmek, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumlarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Prezident ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleri hem-de halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi durnukly ýagdaýda saklamagyň, gyş we ýaz günlerinde gök önümleriň hem-de beýleki azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol bermeli däldiginiň zerurdygyny belläp, azyk harytlary bilen yzygiderli üpjünçiligi gazanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Dokma senagatynyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek üçin çäreleri görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlaryň saglygyny goramaga, ýiti ýokanç we ýokanç däl, şeýle hem dowamly hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada hasabat berildi.
Prezident ýolagçy we ýük gatnawlaryny ösdürip, üstaşyr hem-de halkara ýükleriniň daşalýan möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işi barada aýdyp, häzirki zaman gämileriniň gurluşygyny ýola goýmak üçin netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi we Agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Prezident Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýaz we tomus möwsümleriniň başlanmagy bilen, sirk medeni köpçülik çärelerini, konsertleri, teatrlaşdyrylan sahnalary yzygiderli guramagyň, şeýle hem çagalar üçin goýulýan sahna eserleriniň hem-de çykyşlaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere aýratyn ähmiýet berilýänligi barada hasabatynda belledi.
Prezident hasabaty diňläp, golaýda bolup geçen möhüm ähmiýetli waka -- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça bu Guramanyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny atly kararnamany kabul edendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu şanly waka bilen türkmen halkyny we mejlise gatnaşyjylary, şeýle hem Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyz boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlar, şeýle hem “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolýan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.
Prezident köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra Prezident geçen iki aýda Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklanyp galýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, olary artdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutany geljek çarşenbe güni Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi. Prezident eziz eneleri, mähriban gelin-gyzlary bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.








