HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«АртИст» türkmen teatry GDA ýurtlarynyň Sankt-Peterburgda geçiriljek «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwalyna gatnaşar

Mart 02, 2023 | 18:20 |10647
Sankt-Peterburgyň iň gadymy festiwaly şu ýyl çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär. Bu ýyl rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan GDA ýurtlarynyň XXV halkara «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwaly, 7-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Demirgazyk paýtagtda geçiriler - diýip, GDA ýurtlarynyň portaly habar berýär.Sankt-Peterburgyň iň gadymy festiwaly şu ýyl çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär. Bu ýyl rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan GDA ýurtlarynyň XXV halkara «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwaly, 7-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Demirgazyk paýtagtda geçiriler - diýip, GDA ýurtlarynyň portaly habar berýär.
Çeşme: vedomosti.ru

Sankt-Peterburgyň iň gadymy festiwaly şu ýyl çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär. Bu ýyl rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan GDA ýurtlarynyň XXV halkara «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwaly, 7-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Demirgazyk paýtagtda geçiriler - diýip, GDA ýurtlarynyň portaly habar berýär.

Sankt-Peterburga Arkalaşygyň onlarça ýurtlarynyň, ýagny Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Abhaziýanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň rus dilli teatrlaryň döredijilik toparlaryny gelerler.

Forumda Türkmenistana paýtagtymyzyň «АртИст» teatrynyň topary Aleksandr Ostrowskiniň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Düşewüntli ýer» atly spektakly bilen wekilçilik eder. Onuň ilkinji görkezilşi Aşgabatda geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi. Oýny goýan režissýor – Mekan Jumabaýew, baş rollary ýerine ýetirýän artistler – Wasiliý Andronow, Igor Annagylyjow, Nina Supanko, Mekan Jumabaýew we başgalar.

Sankt-Peterburgyň teatr festiwalynyň guramaçysy bolup «Baltika öýi» teatr-festiwaly çykyş edýär. Däp bolşy ýaly, foruma gatnaşyjylar Russiýanyň daşynda işleýän rus teatrlarydyr. Döredijilik toparlary we sungat işgärleri her ýyl medeni alyş-çalyş we bilelikdäki halkara taslamalary döretmäge täze mümkinçilikler açyp, Sankt-Peterburgyň sahnasynda iň gowy oýunlaryny hödürleýärler.

Festiwal maksatnamasy «Daşary ýurtdaky rus teatry rus medeniýetiniň instituty hökmünde» we «Ýaş režissýorlaryň ýarmarkasy» atly halkara maslahatlaryň geçirilmegini hem öz içine alýar. Bu ýerde, Russiýanyň Döwlet sahna sungatlarynyň institutynyň talyplary we uçurymlary öz täze teatr taslamalaryny hödürlärler we geljekki eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026