GDA-da Arkalaşygyň synçysynyň we hyzmatdaşynyň institutynyň döredilmeginiň üstünde işleýärler


Düzgünnamalaryň we Umumy teswirnamalaryň degişli taslamalaryna garamak boýunça bilermenler topary Arkalaşygyň ştab-kwartirasyndaky mejlisiň barşynda GDA-da synçynyň we hyzmatdaşyň institutlaryny döretmeklige gyzyklanma bildirdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, GDA-daky synçynyň we hyzmatdaşyň anyk hukuklaryny we wezipe borçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
GDA-nyň ýanynda hyzmatdaşyň we synçynyň institutyny döretmek baradaky başlangyç ozal Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öňe sürlüpdi. Hyzmatdaşlar we synçylar bolup GDA-nyň agza-döwletleriniň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýan ýurtlary we halkara guramalary çykyş edip bilerler.
Şunda hyzmatdaşlyk barada gol çekilen iş ýüzündäki resminamalary bolan halkara guramalara tapawut goýulýandygy nygtalýar.
ORIENT habarlar








