Türkmen ştangaçylary Albaniýada ýetginjekleriň dünýä Çempionatynda çykyş ederler


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýaşlar ýygyndysy 25-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dupresede (Albaniýada) geçjek 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçiriljek ýetginjekleriň dünýä Çempionatyna gatnaşar.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine 13 adam, şol sanda 9 türgen girdi. Erkekleriň toparyna: Nurbek Azamatow (49 kg çenli agram derejesi), Perhat Bahtiýarow (61 kg çenli), Didarbek Jumabaýew (67 kg çenli) we Süleýman Jafarow (96 kg çenli) girýär.
Zenanlar ýaryşynda Türkmenistana: Şebnam Kerimbaýewa (40 kg çenli), Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Medine Amanowa (59 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa (64 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) wekilçilik ederler.
Türkmen agyr atletikaçylaryndan Albaniýada geçirilýän ýaryşda ilkinji bolup Nurbek Azamatow (49 kg çenli) we Şebnam Kerimbaýewa (40 kg çenli) çykyş ederler.
Agyr atletika boýunça dünýäniň ýetginjekler çempionaty – IWF-ň howandarlygynda her ýylky geçirilýän ýaryşdyr. Bu gezekki ýaryş 61 ýurtdan 13 ýaşdan 17 ýaşa çenli bolan üç ýüzden gowrak ştangaçyny ýygnaýar, olar 20 agram derejelerde medallara mynasyp bolmak ugrunda bäsleşerler.
ORIENT habarlar








