Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklary maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyga garadylar


Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklarynyň baştutanlarynyň duşuşygynda е-TIR elektron ulgamyny ulanmak we maglumatlary alyşmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.
Wekiliýetleriň nobatdaky duşuşygy ilki Eýranyň «Bajgiran» gümrük nokadynda, onyň yzyndan bolsa – Türkmenistanyň «Howdan» gümrük nokadynda bolup geçdi.
Iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky maglumat alşygy gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegini tizleşdirmäge we gümrük gözegçiliginiň, şol sanda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmak arkaly netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Bu şeýle hem haryt akymynyň aýdyňlygyny üpjün eder, gümrük statistikasynyň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük departamentiniň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikdäki serhetýaka bazary «Howdan-Bajgiranyň» işjeňligi bilen tanyşdylar.
Duşuşyga şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsuly hem gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








