Çawuşoglu BMG Howpsuzlyk Geňeşinde, BSGG we halkara maliýe guramalarynda reformalary geçirmek pikirini öňe sürdi


BMG Howpsuzlyk Geňeşi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bütindünýä söwda guramasy we halkara maliýe guramalary uly özgertmelere mätäç - diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu G20-ä girýän ýurtlaryň daşary ykdysady edaralarynyň ýolbaşçylarynyň penşenbe güni Nýu-Delide geçirilen mejlisinde aýtdy.
Türk diplomatiýasynyň baştutany çykyşyny 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýer titremeler zerarly kömek eden ýurtlara minnetdarlyk sözleri bilen başlady. Ankaranyň daşary syýasaty barada durup geçip, Çawuşoglu Türkiýäniň pozisiýasynyň "köp polýarlylygy berkitmek we halkara gurluşlary, şol sanda BSGG, BSG we maliýe guramalaryny özgertmek" bolup durýandygyny belläp geçdi.
"Anadolu" habarlar agentligi Çawuşoglunyň "Biz çalt özgerişler döwrüni başdan geçirýäris. Häzirki dörän ýagdaýda halkara ulgamyny we halkara guramalaryň roluny tankydy seljermek möhümdir" – diýen sözlerini getirýär.
Türkiýäniň Daşary işler ministri “netijeli köp polýarlylyk we düzgünlere esaslanýan ulgam iki esas düzüji düşünje” diýip hasaplaýar. "Ýürek näçe sagdyn bolsa, beden hem şonça sagat. Biziň halkara ulgamymyzyň ýüregi bolsa BMG" - diýip, türk ministri belläp geçdi we BMG reformasyz islendik köptaraplaýyn tagallalaryň ýeterlik däldigini aýtdy.
Türkiýäniň Daşary işler ministri 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmegiň we durnukly ösüşi gazanmak üçin pes ösýän ýurtlara goldaw bermegiň möhümdigini aýtdy. Ministriň pikiriçe, Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine 4 trillion dollara çenli çykdajy talap edilýär.
ORIENT news








