Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Goşulmazlyk hereketiniň agzalary BMG Howpsuzlyk Geňeşine girmeli - Özbegistanyň Prezidenti

Mart 02, 2023 | 16:57 |8657
Goşulşmazlyk hereketiň agzalary BMG Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik orun almaly – diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bakuwda hereketiň COVID-19 garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.Goşulşmazlyk hereketiň agzalary BMG Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik orun almaly – diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bakuwda hereketiň COVID-19 garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: president.az

Goşulşmazlyk hereketiň agzalary BMG Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik orun almaly – diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bakuwda hereketiň COVID-19 garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Mundan ozal Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew sammitde çykyş edip, häzirki wagtda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň netijesizdigini, has wekilçilikli we geografiki taýdan adalatly bolmagy üçin düzüminiň giňeldilmelidigini beýan etdi.

«Birleşen Milletler Guramasyny özgertmek işinde, Goşulmazlyk hereketiniň agzalary Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik orun tapmaly» – diýip, Mirziýoýewiň metbugat gullugy onuň sözlerine salgylanýar.

Özbegistanyň Prezidenti entägem Ýakyn Gündogar sebitinde we Owganystanda uzak wagt bäri dowam edip gelýän dawanyň ählumumy çözgütleriniň tapylmandygyny belledi.

«Soňky döwürde ähli ýurtlarda barha artýan terrorçylyk we ekstremizm howpy sebäpli guramanyň içinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň has möhümdigini aýratyn bellemek isleýärin» - diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti hereketi onuň gatnaşyjylaryň terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreşde halkara hukuk binýadyny güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna ýolbaşçylyk etmäge çagyrdy.

«Munuň hereketiň ähli agza döwletleriniň BMG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» - diýip, Mirziýoýew nygtady.

Goşulmazlyk hereketi 1961-nji ýylda sowuk uruş gapma-garşylygy şertlerinde ösýän ýurtlaryň bähbitlerini goramak üçin döredildi. Hereket 120 ýurdy ýa-da BMG agzalygynyň 60 göterimini öz içine alýar. Guramadaky synçy statusy 17 ýurt we 10 gurama berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026