Türkmenistanyň DIM-niň baştutany we ABŞ-nyň döwlet sekretary ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken C5+1 ministrler duşuşygynyň meýdançasynda ikitaraplaýyn wirtual maslahatlaşmalaryň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar – diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda habar berilýär.
«Bizde ikitaraplaýyn malahatlaşmalaryň örän gowy we netijeli mehanizmi bar – ABC*» - diýip, Meredow aýtdy, türkmen tarapynyň ýakyn wagtda ABŞ-y bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini we sebitleýin gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy maslahatlaşmalary geçirmäge taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde Entoni Blinken ABŞ-nyň Türkmenistan bilen gurlan 30 ýyldan gowrak hyzmatdaşlyga buýsanýandyklaryny belledi, ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlygyny, garaşsyzlygyny we çäk bütewiligini makyllaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Söhbetdeşler şeýle hem ykdysadyýetdäki we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň temasyna degip geçdiler.
ABC Formaty (Annual Bilateral Consultations)- Her ýylky Ikitaraplaýyn Maslahatlaşmalar -Türkmenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen ABŞ-nyň arasyndaky her ýylky wirtual çekişmeleriň we maslahatlaşmalaryň guraly.
ORIENT habarlar








