HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň Prezidenti we ABŞ-nyň Döwlet sekretary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar

Fewral 28, 2023 | 20:05 |5376
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken sişenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň howpsuzlyk, energetika, söwda we maýa goýum ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Tokaýewiň metbugat gullugy habar berýär.Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken sişenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň howpsuzlyk, energetika, söwda we maýa goýum ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Tokaýewiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: akorda.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken sişenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň howpsuzlyk, energetika, söwda we maýa goýum ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Tokaýewiň metbugat gullugy habar berýär.

Respublikanyň baştutany amerikaly diplomat bilen salamlaşyp, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, Gazagystan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde göreldeli hyzmatdaşlygy gurandygyny aýtdy.

Şeýle hem, Gazagystanyň Prezidenti “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň respublikanyň garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini we özygtyýarlylygyny yzygiderli we pugta goldaýandygy üçin" minnetdarlyk bildirdi.

2-1.jpg

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçen Tokaýew ABŞ-nyň Gazagystanyň umumy maýa goýumlary 62 milliard dollardan gowrak bolan iň uly maýadarlardan biridigini aýtdy. Gazagystanyň lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň C5+1 formatda (Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ) hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky tagallalaryny goldady we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň Astanada geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Blinken, öz gezeginde Gazagystanyň baştutanynyň Astanada "Merkezi Aziýa hyzmatdaşlaryny" ýygnandygy üçin Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

"Biz, kärdeşlerimiz - daşary işler ministrleri bilen bilelikde sebiti birleşdirmek, has berk gatnaşyklary gurmak, has ýakyn aragatnaşyk saklamak, amaly hereketlere ünsi jemlemek boýunça has anyk işlere gatnaşarys diýip, umyt edýärin. Meniň pikirimçe, bu hem Merkezi Aziýa halklaryna, hem-de ABŞ üçin peýdaly bolar. Biz özara gatnaşyklarymyzy iň ýokary derejä çykarmak isleýäris" – diýip, Blinken aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026