ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Aziýa sapary başlanýar


Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapary başlandy. Blinken öz resmi Twitter akkaundynda Hindistanda geçiriljek G20 ministrler duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň ösmegine umyt bildirýändigini belläp geçdi.
“Şu gün men Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapara ugraýaryn. Bu meniň Döwlet sekretary hökmünde Gazagystana we Özbegistana ilkinji saparym bolar we men Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlygymyzyň has-da ösdürilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şol ýerden men Hindistanda geçiriljek G20 ministrler duşuşygyna ugraryn" – diýip, Blinken ýazýar.
Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Donald Lu Blinkeniň ýakyn wagtda amala aşyrjak sapary barada eden çykyşynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende, şeýle belledi: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň Russiýa bilen öňden dowam edip gelýän çylşyrymly gatnaşyklarynyň bardygy bize mälim. Men olar bu gatnaşyklary ýakyn wagtda bes ederler diýip pikir edemok.
Biz Merkezi Aziýadaky, Hindi-Ýuwaş umman sebitindäki we dünýädäki ähli hyzmatdaşlarymyza ýurtlaryň biz bilen Russiýanyň ýa-da biz bilen Hytaýyň arasynda birini saýlamagyny islemeýändigimizi ýene we ýene gaýtalap aýtdyk. Munuň ýerine, biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň nämeler hödürläp biljekdigini, onuň ygtybarly hyzmatdaş bolup biljekdigini görkezmek isleýäris" – diýip, Blinken belleýär.
Şeýle-de Lu: - “Bu ýyl biz Merkezi Aziýa azyk howpsuzlygyny goldamak, şeýle hem täze eksport ugurlaryny öwrenmek, işçi güýjüni täzeden taýýarlamak we hususy pudagyň ösüşini höweslendirmek maksady bilen ykdysadyýete goldaw bermek üçin 41,5 million dollar bölüp berdik. Meniň pikirimçe, siz Döwlet sekretary Gazagystanda we Özbegistanda bolanda, bu sebite has çuňňur aralaşýandygymyz barada goşmaça bildirişleri görersiňiz. Şeýlelik bilen, bu saparyň ahyryna çenli biziň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen gatnaşygymyza çynlakaý çemeleşýändigimizi görersiňiz diýip umyt edýärin” - diýdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habarynda “Döwlet sekretarynyň Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapary 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda dowam eder” - diýilýär. 1-nji martda Entoni Blinken G20 Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üç Hindistana barar. 3-nji martda Döwlet sekretary düzümine ABŞ, Hindistan, Ýaponiýa we Awstraliýa girýän Aziýa dörtlüginiň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşar.
ORIENT news








