HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG Aşgabadyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hakynda kararnama kabul etdi

Fewral 27, 2023 | 23:30 |9607
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň eýeleýän orny” atly kararnamany kabul etdi.BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň eýeleýän orny” atly kararnamany kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň eýeleýän orny” atly kararnamany kabul etdi.

24-nji fewralda Nýu-Ýorkda BMG-niň BA-nyň 77-nji mejlisiniň 60-njy plenar maslahatynda kararnamanyň taslamasy bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa milli hökümetleriň arasynda dialoga ýardam bermekde, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini tapmakda we bolmagy mükin howplary aradan aýyrmakda bu Merkeziň (MAÖDSM) eýeleýän örän möhüm ornuny nygtady.

Döredileni bäri geçen 15 ýylda baş edarasy Aşgabatda ýerleşen Merkez hökümetlere umumy resurslary dolandyrmakdan başlap, terrorçylyk we zor salynýan ekstremizm, guramaçylykly jenaýatçylyk, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagy we Owganystandaky ýagdaýlar ýaly transmilli howplara çenli has çylşyrymly meseleler boýunça dialoglar üçin mümkinçilik hödürledi.

MAÖDSM hakynda täze kararnama öňüni almak, irki ýagdaýda öňüni almak we araçyllyk işleri üçin bilimlerini ulanmakda Merkeziň gymmatly tejribesini ýüze çykarýar. Şeýle hem resminama Merkezi Aziýa sebitindäki soňky wakalar baradaky täze bölümleri özünde jemleýär hem-de Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasy babatda zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar.

Baş Assambleýa MAÖDSM-ni mundan beýläk-de işjeň orun eýelemäge hem-de sebitiň hökümetleri we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar bilen aragatnaşyk saklamagy dowam etmäge; sebitiň degişli guramalary bilen gatnaşyklary goldamaga we maglumatlary utgaşdyrmaga we alyşmaga ýardam bermäge; sebitiň parahatçylyga wehim salynmalary ýeňip geçmek ukybyny we öňüni alyş diplomatiýasy we dialog arkaly durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda hökümetler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

BMG-niň BA-sy Merkeziň durnukly, parahat we gülläp ösýän sebiti kemala getirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyçlaryny amala aşyrmaga berýän ýardamyny goldady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026