Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Astanada gazak kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi


Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow premýer-ministriň orunbasary, Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy Muhtar Tleuberdi bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikler duşenbe güni Astanada, С5+1 görnüşinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ministrler derejsinde boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Diplomatlar däp bolan dostlukly we oňyn ýagdaýda söwda, ulag, logistika we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejelerde gazanylan iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Halkara derejesinde gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanmalar beýan edildi diýlip, gazak DIM-niň metbugat-gullugynyň habarynda aýdylýar.
Ozal ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň С5+1 ministrler duşuşygyna gatnaşjakdygy hem-de sebitiň ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirjekdigi, şondan soň bolsa Özbegistana ugrajakdygy habar berildi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ýakynda geçirilen brifingde döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Ru žurnalistlere Blinkeniň boljak sapary barada gürrüň berip, bu saparyň onuň döwlet sekretary hökmünde Merkezi Aziýa ilkinji saparydygyny belledi.
“Döwlet sekretary daşary işler ministrleri bilen eýýäm dördünji gezek duşuşýar C5+1. Döwlet sekretary Blinkine çenli hiç bir sekretar sebitiň bu topary bilen şeýle ýygjam özara hereket etmändi” diýip, Lu nygtady.
ORIENT news








